1530 adama Türkmenistanyň raýatynyň pasporty gowşuryldy

  • 25.09.2022 10:57
  • 40k+

24-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy.

Öň, TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 23-nji sentýabrda geçen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň  çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 26 milletiniň wekilleri bolup durýan 1530 adam Türkmenistanyň raýaty boldy. Şeýle hem 315 adama, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlaryna we 23 milletiň wekillerine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.


Raýatlygy aradan aýyrmak boýunça hereketleriň 2024-nji ýyla çenli Milli meýilnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirmegi netijesinde, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerinden ugur alyp, halkara hukugyň kadalaryna eýerip, soňky ýyllarda Türkmenistan ýurdumyzda ýaşaýan we hiç hili raýatlygy bolmadyk adamlaryň 28 müň 167-sine öz raýatlygyny berdi. Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 4 müň 438-si Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama aldylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......