Raýatlygy bolmadyk 1530 adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi

  • 24.09.2022 01:46
  • 23k+

Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 530 adamyň, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekillerini raýatlyga almak boýunça degişli işler geçirdi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 315 adamyň, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlary we 23 milletiň wekilleri hasaba alyndy.

Bu barada wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy R.Meredow 23-nji sentýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde raýatlygy bolmadyk 28 müň 167 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem 4 müň 438 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
991

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......