Gazagystanda nobatdan daşary prezident saýlawlary 20-nji noýabrda geçer

  • 22.09.2022 15:39
  • 10k+

20-nji noýabrda Gazagystanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler. Degişli karara Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

"Karar edýärin: Gazagystan Respublikasynyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryna bellemeli" - diýlip, çarşenbe güni neşir edilen kararda aýdylýar.

Merkezi saýlaw toparyna nobatdan daşary prezident saýlawlaryny guramak we geçirmek; hökümete guramaçylykly, material-tehniki we maliýe üpjünçiligi boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Karar birinji resmi neşir edilen gününden güýje girýär.
Gazagystanda prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek çäresi 23-nji sentýabrda başlanyp, 11-nji oktýabrda tamamlanar diýip, Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary Konstantin Petrow habar berdi.


25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

17.06.2026 11:27
2.5k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.6k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......