Türkmenistanda täze ýolagçy awtomenzilleriniň 4-si açylar

  • 19.09.2022 13:56
  • 35k+

Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasy geçiriler.

Oňa görülýän taýýarlyk barada 17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň beren hasabatynda nygtalyşy ýaly, täze awtomenzillerde awtobuslara GPS ulgamy arkaly gözegçilik etmäge we olara ýol hatlaryny elektron görnüşde resmileşdirmäge, ýolagçylara onlaýn tertibinde petek satmaga we olara awtobus ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendir. Şeýle-de olarda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ýokary derejeli şertler üpjün edildi.
Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli taýýarlanan degişli meýilnamanyň taslamasyny hödürledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow agentligiň ýolbaşçysyna awtomenzilleriň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.


04.06.2026 12:34
5.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

11.05.2026 15:51
6.2k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......