Gazagystanda prezidentiň ýedi ýyllyk mandaty baradaky kadany kanuny diýip ykrar etdiler

  • 17.09.2022 10:14
  • 11k+

Gazagystanda häzirki iki gezek bäş ýyllyk möhletiň deregine ýedi ýyllyk möhlet bilen bir gezeklik prezidentligi girizmek hakynda konstitusiýa girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeler ýurduň baş kanunyna laýyk gelýär diýip, respublikanyň konstitusion geňeşiniň kararynda aýdylýar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew özüniň 1-nji sentýabrdaky halka ýüzlenmesinde, birinji bäş ýyllyk möhletiniň 2024-nji ýylda tamamlanýandygyna garamazdan, şu ýyl güýzde möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmegi teklip etdi. Şonda ol saýlawlardan soň prezident ygtyýarlyklarynyň möhletini bäş ýyl bolanlygyndan ýedi ýyla çenli, ýöne täzeden saýlanmak hukugy berilmezden, uzaltmak baradaky başlangyjy girizjekdigini mälim etdi. 
Häzir şol bir adam yzly-yzyna iki gezekden artyk respublikanyň prezidenti saýlanyp bilmeýär. “Žana Kazahstan” (“Täze Gazagystan”) deputat topary 2-nji sentýabrda öňdäki saýlawlara çenli ýedi ýyllyk prezident mandaty hakyndaky kadany konstitusiýa girizmegi we şu ýylyň güýzünde prezidenti ýedi ýyllyk möhlete saýlamagy teklip etdi.
Tokaýew 12-nji sentýabrda deputatlaryň bu teklibiniň baş kanuna laýyklygyny barlamagy Konstitusion geňeşden haýyş etdi.

“Gazagystan Respublikasynyň konstitusiýa laýyk gelýän “Gazagystan Respublikasynyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky” kanunynyň taslamasyny ykrar etmeli” - diýip, geňeşiň öz saýtynda çap edilen kararynda aýdylýar.   


13.12.2025 00:59
2.7k+

Tokaýew Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň Ýewraziýada durnukly ösüşe goşandyny belledi

Hemişelik oňyn bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejesinde abraý getirdi, ýurdumyzyň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy...

12.12.2025 13:10
7.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady...

12.12.2025 11:57
7.2k+

Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...

11.12.2025 16:49
2.8k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...