Serdar Berdimuhamedow Putin bilen türkmen-rus hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

  • 15.09.2022 17:34
  • 21k+

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherinde bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygy saparyň birinji gününiň maksatnamasynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Nygtalyşy ýaly, duşuşyk RF-niň Prezidentiniň Özbegistana sapary wagtynda bolýan «Samarkand Regency Amir Temur» myhmanhanasynda geçirilip, onuň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda türkmen-rus gatnaşyklarynda söwda-ykdysady ulgamyň möhüm orun eýeleýändigine üns çekilip, gaz ugurly özara hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutany ulagyň, üstaşyr geçelgeleriň, logistikanyň strategik ähmiýeti barada aýdyp, häzirki wagtda Demirgazyk ― Günorta ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça rus kompaniýalary bilen gepleşikleriň geçirilýändigini belledi. Bilelikdäki işlerde gämigurluşyk pudagynyň hem geljegi uludyr.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgam aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragynyň bilim alýandygyny aýdyp, Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini açmak meselesiniň öwrenilýändigini kanagatlanma bilen belledi.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......