Ärdogan Türkiýä türkmen raýatlary üçin ýeňillikli wiza düzgünini ýatyrýan Karara gol çekdi

  • 14.09.2022 12:45
  • 63k+

rkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýe döwletine Türkmenistan raýatlary üçin öň girizilen ýeňillikli wiza düzgünini ýatyrýan Karara gol çekdi. Bu Karar Türkiýäniň kanunçylyk namalarynyň neşir edilýän  Resmi Gazetiniň 14.09.2022 seneli we 31953 belgili sanynda neşir edildi. Bu barada «Atawatan Türkmenistan» elektron neşiri habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda gol çeken №6034 belgili Karary bilen, Türkiýe Respublikasynyň  öň girizilen Türkmenistan raýatlarynyň 30 günden köp bolmaýan möhlet üçin wizasyz Türkiýä syýahat düzgüni ýatyryldy.
Indiden beýläk Türkiýä gitmek isleýän türkmen raýatlary dürli görnüşli wizalary resmileşdirmeli bolarlar. ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, Aşgabatda munuň üçin ýörite wiza merkezi işläp başlady. Wiza merkezi G.Kuliýew köçesiniň 88-nji jaýynda («Nowruz haly» binasynda» ýerleşýär.

Wagtlaýyn wiza düzgüni 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabryndan girizildi.
Türkmen raýatlary iş, syýahatçylylyk, talyp, işewürlik we üstaşyr wizalary, şeýle-de medeni ýa-da sport çärelerine gatnaşmak we Türkiýede lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin wizalary açdyryp bilerler. Wizalaryň görnüşi boýunça resminamalaryň sanawy üýtgäp biler.
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi hem wiza berip biler, emma hyzmatyň hilini we tizligini ýokarlandyrmak üçin aýratyn wiza merkezini açmak karar edildi.
Wiza merkezine kabul edişlige şu salgyda ýazylyp bilersiňiz. Has giňişleýin maglumaty gatewayinternational.com.tr saýtyndan, +993 (12) 40-02-12 telefon belgisi we helpline.turkmenistan@gateway.com.tr elektron poçta arkaly alyp bilersiňiz.
Mundan öň, Türkiýe Respublikasynyň Ministrler Kabineniniň 19.07.2007 seneli we №2007/12441 belgili Karary bilen Türkmenistanyň raýatlary eger Türkiýe Respublikasyna 30 günden geçmeýän möhlet bilen syýahatçylyk maksat bilen gelmek isleýän bolsa, onda wiza talap edilmeýärdi.
Belläp geçsek, respublikada bolmagyň düzgünlerini kämilleşdirmek we yzygiderli esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizmegi haýyş edip, Türkiýe döwletine ýüz tutdy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Türkiýä wiza düzetmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryna näme resminamalar gerek?


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......