Türkiýä wiza düzetmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryna näme resminamalar gerek?

  • 06.09.2022 19:44
  • 80k+

Türkiýä gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary munuň üçin uzakmöhletleýin syýahatçylyk wizasyny resmileşdirip bilerler diýip, Orient agentligi Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek üçin hökmany aşakdaky resminamalar zerurdyr:

– hereket ediş möhleti alty aýdan az bolmadyk pasport,
– wiza almak üçin kesgitlenen görnüşde doldurylan arza,
– daşary ýurda gitmek üçin ätiýaçlandyryş (Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda resmileşdirilýär),
– içerki pasportyň (1,3,5,9 we 32-nji sahypalary) we daşary ýurt pasportynyň (suraty bolan baş sahypasy) nusgalary,
– 5х6 ölçegli iki sany fotosurat,
– wiza almaga isleg bildirýäniň we/ýa-da çagyrýan adamyň girdejileriniň derejesi barada resminama (iş ýeriň boýunça almak gerek),
– uçar üçin öňünden kesgitlenilen petek,
– öňünden kesgitlenilen myhmanhana ýa-da Türkiýäniň raýatyndan çakylyk.

Gitmegiň maksadyna baglylykda, aşakdaky resminamalar hem gerek bolup biler:

– Türkiýä dolanyp barylýandygyny tassyklaýan güwänamalar (ýer bölegine resminamalar, işlemäge ygtyýarnama, aýlyk zähmet hakynyň hasaplanylandygy barada maglumat, bankdan göçürme we beýlekiler).
– eger gitmeklik syýahatçylyk kompaniýasynyň üsti bilen amala aşyrylýan bolsa – syýahatçylyk operatorynyň hatynyň asyl nusgasy, şonda saparyň wagty, baryljak ýerler we maksady görkezilmelidir,
– ata-enäniň razylygynyň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy we 18 ýaşdan kiçi bolan çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasy (sapar wagtynda ata-enäniň ikisiniň-de ýa-da biriniň ýok bolan ýagdaýynda).

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, respublikada bolmagyň düzgünlerini kämilleşdirmek we yzygiderli esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizmegi haýyş edip, Türkiýe döwletine ýüz tutdy.


düýn 18:22
7.4k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....