Aşgabatda ýüzbe-ýüz görnüşde türkmen-ermeni syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 14.09.2022 08:54
  • 4k+

13-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Ermenistan Respublikasynyň wekiliýetine ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan ýolbaşçylyk etdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýyl Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl dolýandygyny belläp, bu babatda birnäçe çäreleri geçirmegi teklip etdiler.
Şeýle-de diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtadylar. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
2.5k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......