Serdar Berdimuhamedow Özbegistanda Wladimir Putin bilen duşuşar

  • 14.09.2022 01:16
  • 30k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar diýip, RIA Nowosti agentligi rus lideriniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.

ŞHG-niň sammiti 15-16-njy sentýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Türkmen Lideriniň sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem sammite ŞHG agza döwletleriň — Hindistanyň, GAzagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň liderleriniň, şeýle hem synçy döwletleriň — Belarusuň, Eýranyň we Mongoliýanyň liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidentinden başga-da, hormatly myhman hökmünde sammite Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň liderleri gatnaşar.


düýn 11:41
3.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......