Ýaponlar awtoulagda çaýkamaýan kürsini oýlap tapdylar

  • 11.09.2022 14:06
  • 24k+

Ýaponiýanyň NHK Spring kompaniýasy awtoulag kürsüleriniň täze nesliniň döredilendigini habar berdi diýip, Nikkei agentligi habar berýär. Olaryň esasy aýratynlygy ýolagçylary çaýkanmadan halas edýär. Basym awtopilot ulgamly awtoulaglar köpçülikleýin öndürilip başlansa, çaýkanmak meselesi ör boýuna galsa gerek. Şonda ulagdakylaryň ählisi ýolagçy bolar: düzgün boýunça destiň başynda oturan sürüjä çaýkanma kän täsir etmeýär. 

NHK Spriň-iň wekilleriniň sözlerine görä, täze kürsiniň kellegoýary bolar, ol ýeňsäniň süňküni iki gapdaldan tutmak bilen, ulag tizligini artdyran/haýalladan ýa-da öwrülen ýagdaýynda kelläni durnukly ýagdaýda saklar.  
NHK Spring-iň inženerleri kelläniň hereketi kemelse, aşgazanyň ynjalyksyzlygy, ýürek bulanma we pallamak, awtoulaglaryň adaty kürsüsindäki bilen deňeşdirilende, üç esse azalýar diýip ynandyrýarlar.  
Mundan hem başga, täze oturgyçlar, beýleki awtokürsilerden 40% ýuka bolar, ýöne amortizasiýada we oňaýlylykda şol öňki derejesini saklar diýip, kompaniýada gürrüň berýärler. 


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

29.05.2026 16:35
6.8k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

15.05.2026 09:20
6.7k+

Toyota täze başlan sürüjiler üçin Corolla-nyň elýeterli okuw wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Corolla-nyň "Driving School" diýlip atlandyrylýan täze modifikasiýasy çykaryldy. Bu ýöriteleşdirilen wersiýa ýörite ýerli sürüjilik mekdepleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin......