Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny ösdürmegiň täze Maksatnamasy taýýarlanylýar

  • 03.09.2022 23:52
  • 5.8k+

“Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada 2-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu maksatnama ýurdumyzda seýsmiki howpa we seýsmiki töwekgelçilige baha bermek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ylmyň ornuny ýokarlandyrmaga, düýpli we amaly seýsmiki ylmy barlaglary alyp barmaga, seýsmiki howply zolaklary ýüze çykarmak maksady bilen, maglumatlary toplamaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi ilatyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, ýaşlary ylmy-tehnologik işlere giňden çekmäge, ylmy gözlegleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Prezident Serdar Berdimuhamedow göz öňünde tutulan çäreleriň mümkin bolan töwekgelçiliklerini öwrenmäge hem-de giň ekologik we tehnogen heläkçilikleriň öňüni almaga ýardam etjekdigini belläp, bu maksatnamanyň düzgünlerini has kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......