Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary syýasat ugurly ýolbaşçylaryny kabul etdi

  • 27.08.2022 13:54
  • 5.5k+

26-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili hem-de dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly geljegiň we giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, senagat ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary peýdalanmak we innowasion ykdysadyýetini döretmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmek, tejribe alyşmak türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......