17 ýaşynda tutuş dünýäni aýlanan iň ýaş uçarman boldy

  • 25.08.2022 13:30
  • 21k+

Belgiýaly Mak Ruterford tutuş dünýä boýunça syýahaty amala aşyran iň ýaş uçarman boldy. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosynyň maglumatyna salgylanyp, "TASS" habar berýär.

Makyň syýahaty şu ýylyň martynda Bolgariýanyň günbataryndaky howa menzilleriniň birinde başlanyp, 24-nji awgustda gündiz hut şol ýerde hem tamamlandy. 16 ýaşynda syýahata çykan ýetginjek öz 17-nji doglan gününi uçuş wagtynda garşylady. 
Garaşylyşy ýaly, Mak Ruterfordyň ýeten derejesi Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alnar.
Ýeri gelende bellesek, Makyň uly aýal dogany 19 ýaşly Zara Ruterforf hem 2021-nji ýylyň güýzünde tutuş dünýäni syýahat eden iň ýaş zenan uçarman bolupdy.


düýn 00:07
4.5k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......