Serdar Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşine çuňňur gynanç bildirdi

  • 23.08.2022 08:45
  • 77k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde Gyrgyz Respublikasynyň köp sanly raýatynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.  


06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

29.03.2026 01:10
16k+

Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden......

05.02.2026 02:54
9.7k+

Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy

Gyrgyzystanyň Ysykköl sebitinde agramy 180 tonnadan geçýän ägirt uly mineral daş syýahatçylar üçin resmi taýdan açyldy. Ol Jeti-Oguz etrabynda, Çon-Gyzyl-Suu obasyndan takmynan üç kilometr uzaklykda, öňler ýol-ýodasyz, barmasy kyn ýerde ýerleşýär...

20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär...