Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy

  • 05.02.2026 02:54
  • 9.8k+

Gyrgyzystanyň Ysykköl sebitinde agramy 180 tonnadan geçýän ägirt uly mineral daş syýahatçylar üçin resmi taýdan açyldy. Ol Jeti-Oguz etrabynda, Çon-Gyzyl-Suu obasyndan takmynan üç kilometr uzaklykda, öňler ýol-ýodasyz, barmasy kyn ýerde ýerleşýär.
Aslynda daş 2013-nji ýylda tapylypdy. Şonda ol geologlary özüniň reňki, görnüşi, gurluşy bilen haýran galdyrypdy. Bu daş beýleki daşlaryň ýanynda başga bir planetadan gaçan närsä çaly edýärdi. Ilkibada oňa Aziýada iň gymmatbaha daşlaryň biri hasaplanýan nefrit daşydyr öýtdüler. Soňra bu daşyň düzümi boýunça nefride meňzeş, emma durnuklylygy pesräk we gymmat bahaly daşlara degişli bolmadyk jynsdygy anyklandy. Muňa garamazdan, ol özüniň ululygy bilen hem adamlaryň ünsüni çekip bilýär.
Ilkinji barlaglardan soň tapyndynyň bikanun usulda kesilip gidilmeginden ýa-da oňa zeper ýetirilmeginden ätiýaç eden alymlar ony ýene gömüp goýupdyrlar. Şondan bäri täsin daş hakyndaky gürrüňler degişli hünärmenleriň we iliň arasynda agzaldy diýmeseň, ony, sözüň doly manysynda, ýer «gorap saklaýar».  
Ýagdaý şu ýylyň ýanwar aýynda üýtgedi. Häkimiýetler bu daşyň ýerleşen ýerine resmi taýdan tebigy gymmatlyk statusyny berdiler we ony syýahatçylaryň baryp görmegi üçin açmak kararyna geldiler. Häzirki wagtda islendik pasylda baryp biler ýaly, agyr tehnikalaryň kömegi arkaly daşa tarap howpsuz ýol çekilýär.
Açylyş dabarasy Çon-Gyzyl-Suu jülgesinde geçirilen «Ak Ilbirs» gyş festiwalyna gabatlandy. Şeýlelikde häkimýetler bu özboluşly tebigy künjegi geljekde syýahatçylary özüne çekjek merkeze öwürmek isleýärler.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

11.05.2026 11:37
5k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....