Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

  • 26.04.2026 15:51
  • 9k+

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň düzüminde ölçegi onlarca mikrometre deň bolan gymmat bahaly metalyň kristallaryny hasaba aldylar.

​Deslapky çaklamalara görä, wulkan gije-gündizde onlap gram altyn öndürýär, ýöne örän ownukdygy sebäpli, metal howa akymlary bilen ýüzlerçe kilometre çenli ýaýraýar.

​Erebus wulkany öz kraterinde onlarça ýyllap durnukly lawa kölüni saklaýandygy bilen hem tapawutlanýar. Wulkanyň beýikligi takmynan 3800 metr bolup, onuň hemişelik işjeňligi alymlara ýer gabygynyň çuňluklaryndaky prosesleri hakyky wagt tertibinde synlamaga mümkinçilik berýär.

​Gaz fazasynda altynyň bolmagy geologlar üçin magmanyň düzümini kesgitlemekde möhüm görkezijidir. Çünki ol Ýeriň içki gurluşynda magdan ýataklarynyň emele geliş mehanizmlerini modellemäge kömek edýär.

​Geohimik aýratynlyklardan başga-da, Erebus buz içinde ýyly gazlar arkaly emele gelen fumarol buz gowaklary bilen hem gyzyklanma döredýär. Bu ekstremal şertlerde mikroorganizmleriň we kömelekleriň jemgyýetleri ýüze çykaryldy. Şunuň özi hem wulkany agressiw gurşawlarda ýaşaýşy öwrenmek üçin tebigy barlaghanalaryň birine öwürýär.

​Belläp geçmeli zat, Erebus altyn syzýan ýeke-täk wulkan däldir. Alymlar bu prosesiň tebigy häsiýetdedigini we senagat çykdajylary üçin hiç hili amaly gymmatlygynyň ýokdugyny nygtaýarlar.

​Halkara barlagçylar topary altynyň, ruteniýiň we beýleki gymmat bahaly metallaryň Ýeriň ýadrosyndan syzyp çykyp, mantiýa arkaly ýeriň ýüzüne galyp biljekdigine subutnamalary tapdylar. Bu prosesiň esasy alamatlary bolup, Gawai adalaryndaky wulkan jynslarynda tapylan ruteniý yzlary we wolframyň izotopik anomaliýalary hyzmat etdi.

​Alymlar Ýeriň ýadrosy bilen mantiýasynyň araçäginde, takmynan 3000 kilometr çuňlukda gyzgyn gaýa akymlarynyň emele gelýändigini çaklaýarlar. Millionlarça ýyllaryň dowamynda bu massalar ýokaryk galyp, umman adalaryny emele getirýärler we özleri bilen öň planetanyň merkezinde ýapyk hasaplanan gymmat bahaly elementleriň bölejiklerini alyp gelýärler.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

11.05.2026 11:37
5k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....