Aşgabatda we welaýatlarda şu hepde garaşylýan howa maglumaty (22.08 — 28.08)

  • 22.08.2022 12:40
  • 24k+

Şu hepde Türkmenistanda ortaça temperatura, geçen ýedi gün bilen deňeşdirilende, üç derejedenem köpräk  aşak düşer. Tomsuň soňky hepdesi ýurduň ähli sebitlerine diýen ýaly irdeniň hem agşamyň salkynlygyny getirer.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda
Hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, üç dereje aşaklar we +32 bolar. Duşenbe güni temperatura +31 dereje bolar, sişenbe güni +32 derejä çenli gyzar, çarşenbede bolsa +33 dereje yssy bolar. 
Penşenbe güni temperaturanyň +32 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar, şondan soň anna güni ýene termometriň sütünjigi +33 derejä göteriler. Dynç günleri howanyň +34 dereje bolmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda
Hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, üç dereje peseler we +34 dereje bolar. Duşenbeden penşenbä çenli howa esasan +34 derejede saklanar. Anna güni howanyň +35 derejä çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Dynç günleri temperatura +36 dereje bolar.

Daşoguz welaýatynda
Hepdäniň dowamynda ortaça temperatura, öňki hepde bilen deňeşdirilende, iki dereje peselip, +32 bolar. Duşenbe güni howanyň +31 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbeden başlap, anna gününe çenli aňrybaş temperatura +32 derejede saklanar. Şenbe güni howa +33 derejä çenli yssy bolar, ýekşenbede bolsa +36 derejä ýeter.

Mary welaýatynda
Hepdäniň ortaça temperaturasy iki dereje aşaklap, +34 töwereginde bolar. Duşenbe güni howanyň +32 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbede we çarşenbede howa +33 derejä çenli gyzar. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli aňrybaş temperatura +35 derejede saklanar.

Lebap welaýatynda
Hepdäniň aňrybaş temperaturasy iki dereje peselip, +34 dereje bolar. Duşenbe güni howa +32 derejä çenli bolar. Sişenbe we çarşenbe günleri özi bilen +33 derejäni getirer. Penşenbe we anna günleri temperaturanyň +34 derejä çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Şenbe güni termometriň sütünjigi +35 derejä ýeter, ýekşenbe güni bolsa +36 dereje bolar.


16.02.2026 09:59
10k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar...

13.02.2026 18:26
30k+

2026-njy ýylda Oraza aýynda Aşgabatda we welaýatlarda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 18-nji fewrala, soňky güni bolsa — 19-njy marta gabat gelýär...

09.02.2026 18:56
16k+

11-nji fewralda ulaglaryň hereket tertibi üýtgediler we janköýerlere ýeňillik dörediler

Türkmenistanyň paýtagtynda «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga taýýarlyk işleri tamamlanýar. Tomaşaçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda Aşgabatda ulaglaryň hereketine we jemgyýetçilik pudagynyň işine aýratyn tertip girizilýär...

09.02.2026 11:05
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş we +26 °C

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda  şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar...