Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili amerikaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

  • 19.08.2022 07:42
  • 7k+

17-nji awgustda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 77-nji sessiýasy hem-de iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary we BMG-däki özgertmeler bilen bagly meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.
Türkmenistanyň ilçisi söhbetdeşligiň başynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamasyny goldandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we onuň kabul edilmeginiň netijeleri boýunça ABŞ-nyň wekiliniň oňyn çykyş edendigini aýratyn belledi. A.Ataýewa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyndaky ileri tutýan ugurlary barada jikme-jik aýtmak bilen, parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, zenan parlament agzalary, öňüni alyş diplomatiýasy we ulag ugurlaryndaky başlangyçlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda BMG-däki, hususan-da Howpsuzlyk geňeşindäki özgertmeler boýunça pikir alşyldy. Taraplar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň işinde açyklygyň zerurdygy hem-de aýratyn amallaryň gaýtalanmazlygy üçin BMG-niň düzümleriniň özgerdilmegi pikirlerinde ylalaşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......