Apple Wýetnamda Apple Watch we MacBook öndürmek barada gepleşikleri geçirýär

  • 18.08.2022 23:25
  • 5.3k+

Apple amerikan kompaniýasy önümçiligi Hytaýyň çäginden daşary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin Wýetnam bilen Apple Watch sagatlaryny we MacBook noutbuklaryny çykarmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Apple-iň üpjün edijileri Wýetnamyň demirgazygynda synag režiminde Apple Watch-y öndürip başladylar. Şeýle-de, kompaniýa üpjün edijilerden MacBook üçin hem synag önümçilik liniýasyny ýola goýmagy sorady, ýöne pandemiýa we noutbuk komponentleriniň uzyn üpjünçilik zynjyry sebäpli köpçülikleýin önümçiligi geçirmek prosesi haýal boldy.
Wýetnam eýýäm Apple-iň Hytaýdan daşary iň uly önümçilik merkezi hasaplanýar. Wýetnamdaky zawodlar iPad planşetlerini we AirPods nauşniklerini öndürýär.
Apple we onuň üpjün edijileri gazetiň teswir baradaky ýüzlenmesine jogap bermediler.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

19.05.2026 09:37
4.6k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.5k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.9k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....