Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär

  • 14.08.2022 23:49
  • 6.5k+

Hytaýyň dürli hili durmuş maksatly tehnikalary we gajetleri öndürmek bilen meşhur bolan Xiaomi kompaniýasy awtoulag dünýäsinde öňdebaryjylaryň hataryna goşulmak isleýär. Kompaniýany esaslandyryjy Leý Szýunyň sözlerine görä, esaslandyrylanyna bary-ýogy 500 gün bolan  Xiaomi Auto bölümçesi haýran galdyryjy netijeleri görkezýär. Häzir bolsa kompaniýa ünsüni sürüjisiz dolandyrylýan tehnologiýalary öndürmeklige gönükdirýär, geljek şonuň bilen bagly diýip, Leý Sýun ynandyrýar.

"Xiaomi Auto öz bäsdeşlerinden yza galýan bolmagy mümkin, ýöne döredilenine 500 gün bolan pekinli ulag öndürijiniň ýeten sepgitleri örän gowy we garaşylyşyndan has ýokary" - diýip, Yicai agentligi Leý Szýunyň sözlerini getirýär.

Xiaomi Auto eýýäm awtopilot ulgamly awtoulaglary synag etmäge girişdi. Tapgyrlaýyn öndürilmäge taýýar ulagy bolsa hytaýlylar eýýäm 2024-nji ýylda köpçülige görkezerler.
Sürüjisiz tehnologiýaly elektromobilleriň ösüşine uly tagalla baryny siňdirýän Nio, Xpeng Motors we Li Auto kompaniýalary Xiaomi Auto-ny öz esasy bäsdeşi hasaplaýarlar.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......