Türkmenistan we Özbegistan oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

  • 10.08.2022 08:17
  • 8.8k+

Muny Özbegistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Gahryman Ýuldaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýetiniň golaýda Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikler hem tassyklaýar. 

Goňşy ýurduň wekilleri Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyň orunbasarlary, şeýle-de oba hojalyk ugurly beýleki düzümleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Gepleşikleriň dowamynda pagtaçylygy, tohumçylygy, bagçylygy, ýyladyşhana hojalyklaryny, ylmy we sanlylaşdyrmagy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, pagtanyň ýokary hasyl berýän, tiz ýetişýän we şora durnukly orta hem-de inçe süýümli sortlaryny synag etmek boýunça bilelikdäki maksatnamany işläp taýýarlamak, gök ekinleriň we şalynyň tohumlaryny alyşmak işini ýola goýmak, oba hojalygy bilen iş salyşýan hünärmenleri taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özbek wekiliýetiniň agzalary Ahal welaýatynyň üzümçilik, bagçylyk, ýyladyşhana hojalygy, azyk we süýt önümlerini gaýtadan işlemek, maldarçylyk pudaklarynda iş alyp barýan kärhanalary bilen tanyşdylar.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......