75 ýaşly gyrgyz welosipedli Türkmenistandan geçip, Türkiýä gider

  • 08.08.2022 20:22
  • 35k+

Gyrgyzystan Respublikasynyň Oş şäheriniň ýaşaýjysy, 75 ýaşly Mamyt Taştanow IV Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin, welosipedli Türkiýä ugrady. Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň merkezi meýdançasynda ony syýahata ugratmak dabarasynyň bolandygyny kabar.kg habar berýär.

Bu çärä Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Oş sebitindäki doly ygtyýarly wekili Ziýadin Jamaldinow, Oş şäheriniň häkiminiň orunbasary Asasur Azimow, medeni işgärler, suratkeşler, Oş şäheriniň häkimliginiň işgärleri we halk köpçüligi gatnaşdy.
M.Taştanowa Oş şäheriniň häkimligi tarapyndan maddy üpjünçilik kömegi berildi.
Tigir sürüjiniň ýoly 6 sany döwletden geçer: Özbegistan, Türkmenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan we Türkiýe.
Çäräniň esasy maksady, türk dilli halklarynyň dostlugyny berkitmekden ybaratdyr.


şu gün 10:10
1.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.6k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......