Dünýäniň iň gymmat brendleriniň biri syýahatçylykdan gidýär

  • 07.08.2022 18:29
  • 14k+

Dünýäniň iň gymmat brendleriniň we iň meşhur gözlegçileriň biri bolan Google howa ýollarynyň peteklerini bronlamak bölümini ýapýandygy barada habar berdi. Myhmanhanalary bronlamak bölümi bolsa mundan ir ýapyldy. Munuň sebäbi kowid bilen bagly meseleler bolman, adalatsyz bäsdeşlik üçin şikaýatlar we jerimelerdir. Bu barada tourprom.ru belleýär.

Hususan-da, soňky habar şu ýylyň oktýabr aýynda Google-yň syýahatçylyk bölüminiň Germaniýada ýapylýandygy boldy. Şondan soň ol kem-kemden tutuş dünýäde amala aşyrylar, doly ýapylyş 2023-nji ýylyň mart aýyna meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, myhmanhanalary bronlamak bölüminiň şu ýylyň maý aýynda ýapylandygy habar berilýär.
Bularyň sebäbi myhmanhanalardan şikaýatlaryň gelmegi we netijede, pudagy düzgünleşdirijiler tarapyndan jerimeleriň salynmagy bilen baglanyşyklydyr. ÝB-de Google-yň myhmanhanalary bronlamak tejribesiniň “adalatsyz bäsdeşligi döredýändigi” aýdylyp, onuň üçin birnäçe gezek kazyýete ýüz tutuldy. Netijede, Google-a ençeme gezek uly mukdarda jerime salyndy.
Ýeri gelende bellesek, iň gymmat brendleriň reýtinginde ikinji orunda Google ýedi ýyl – 2013-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda saklandy. Häzirki wagtda ol Microsoft bilen Amazon-y öz öňüne geçirip, dördünji orna düşdi. Birinji orun barada aýdylanda, Interbrand agentliginiň wersiýasyna görä, ony “Makdonalds” eýeleýär. 


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......