Mask Twitter-i akkauntlaryň hakykylygyny nädip barlaýandygyny görkezse, satyn aljakdygyny aýtdy

  • 07.08.2022 17:45
  • 13k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask Twitter-i satyn almak baradaky şertnamanyň eger kompaniýa sosial ulgamdaky akkauntlaryň hakykylygynyň nähili ýol bilen tassyklanýandygyny görkezse, dikeldilip bilinjekdigini aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

“Eger Twitter 100 akkaunty saýlap almagyň usuly barada gürrüň berse we olaryň hakykylygynyň nähili tassyklanýandygyny görkezse, onda şertnama başlangyç şertlerde amala aşyrylar” – diýip, ol Twitter-de ýazdy. Öň, Mask sosial ulgamda 100 sany tötänleýin saýlanan akkauntlaryň hakykylygyny barlajakdygyny aýdypdy.

Ýatlap geçsek, iýul aýynyň başynda Maskyň hukukçylary Twitter kompaniýasyna kompaniýanyň şertnama tarapyndan göz öňünde tutulan birnäçe borçlary ýerine ýetirmändigi, şol sanda galp akkauntlaryň we köpçülikleýin ýaýratmak üçin ulanylýan hasabat ýazgylarynyň paýy barada doly maglumat bermändigi sebäpli telekeçiniň sosial ulgamy satyn almakdan ýüz öwürýändigi barada duýdurdylar. 12-nji iýulda Twitter kompaniýasy kazyýete ýüz tutdy. 
Delawer ştatynyň kazyýeti telekeçiniň Twitter-i satyn almak baradaky şertnamany tamamlamakdan ýüz öwürmegi bilen bagly işe garamagyny oktýabr aýyna belledi. 29-njy iýulda Ilon Mask hem kompaniýa garşy arza berdi. 


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......