Tesla Optimus atly robotyň ellerini görkezdi

  • 07.08.2022 06:35
  • 9.2k+

Tesla kompaniýasynyň çap eden tizerinde Optimus diýip atlandyrylan robot-gumanoidiň elleri şekillendirilipdir. Onuň resmi taýdan ilkinji görkezilişi 30-njy sentýabrda geçer diýip, Electrek ýazýar.  

Häzirlikçe roboty diňe tizerde görkezdiler. Ondan çen tutsaň, Teslanyň bu döredeni adampisint keşpli, onuň elleri bolsa adamyňka mahsus hereketleri ýerine ýetirer derejede diýseň çeýe we çalasyn bolar.
Gumanoid 2023-nji ýylda hatara goşulyp biler. Ilon Mask bu ugur öz kompaniýasy üçin awtoulagdanam wajyp bolar diýip hasaplaýar. Şeýle robotlaryň adaty adamlaryň we senagatyň durmuşyny sözüň doly manysynda çepbe çöwürjegine ol mäkäm ynanýar.
Tanyşdyrylyş ikinji "Emeli aňyň gününiň" çäklerinde geçer. Birinjisini Tesla laýyk bir ýyl mundan öň geçiripdi. Başda, ikinjini hem awgustda geçirmegi meýilleşdiripdiler, ýöne çärä Optimusy taýýarlap ýetişer ýaly, bir ýarym aý aňry süýşürdiler.  


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......