Türkmenistanda şu hepdede garaşylýan howa maglumaty (01.08 — 07.08)

  • 01.08.2022 18:31
  • 36k+

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe gününiň +37 derejeli sähel salkyn howasy sişenbe we çarşenbe günleri +38  dereje  yssy  bilen ornuny çalşar. Penşenbe güni termometriň sütünjiginiň +40 derejä ýetmegi mümkin.
Howa maglumaty gullugy anna güni temperatura +38 dereje bolar diýip çaklaýar. Dynç günleri, ýagny şenbede temperatura +39 derejä galyp, soňra ýekşenbe güni +37 derejä çenli salkynlar diýip garaşylýar. 

Balkan welaýatynda duşenbe gününiň +38 dereje howasy sişenbe güni +39 dereje yssy bilen çalşar. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +40 derejäni görkezer we penşenbe gününe çenli şol derejede saklanar.
Anna güni temperaturanyň +37 derejä çenli birden salkynlamagyna garaşylýar, şenbede bolsa howa ýene-de gyzyp +39 derejä ýeter. Ýekşenbe güni howa +35 dereje töwereginde bolar.

Daşoguz welaýatynda eger duşenbe bilen sişenbe günleri +36 dereje salkyn howany getirse, çarşenbeden anna çenli termometriň sütünjigi +37 derejäni görkezer. Dynç günleri bolsa temperaturanyň ýene +36 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar.

Mary welaýatynda hepdäniň ilkinji iki güni temperatura +38 dereje bolar. Eger çarşenbe güni howa +39 derejä çenli gyzsa, penşenbe güni termometriň sütünjigi +40 derejä baryp ýeter, anna güni bolsa hasam ýokarlap +41-i görkezer. Şenbe güni yssynyň +39 derejä çenli biraz düşüşmegine garaşylýar, ýöne ýekşenbe güni temperatura ýene +41 derejä çenli ýokarlanar.

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri aňrybaş temperatura +37 derejede saklanar. Çarşenbe güni temperatura +38 derejä galar. Penşenbede termometriň sütünjigi +39 derejä ýeter we şenbe gününe çenli şol ýagdaýda saklanar. Ýekşenbe güni howanyň +40 derejä çenli gyzmagy mümkin. 


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

08.06.2026 15:19
7.2k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 11:42
8.5k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

11.05.2026 09:43
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....