Serdar Berdimuhamedow: “Owgan meselesinde bilelikde işlemek sebit howpsuzlygynyň möhüm bölegidir”

  • 22.07.2022 13:28
  • 17k+

“Ozalkysy ýaly, owgan ugrunda bilelikde işlemek sebit howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar” diýip, 21-nji iýulda Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

 Nygtalyşy ýaly, Owganystan bilen aýratyn taryhy gatnaşyklara eýe bolan goňşy döwletler hökmünde biz bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, parahatçylykly gepleşikler arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara goldaw bermäge, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etdirmelidiris.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Daşkentde Owganystan boýunça halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegini goldaýar.


11.06.2026 22:20
6.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....