Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýadaky esasy howplar barada açyk aýtdy

  • 22.07.2022 10:15
  • 34k+

21-nji iýulda Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda çykyş etmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup geçendigini, täze ýagdaýlaryň, wehimleriň peýda bolandygyny aýtdy we sebitdäki esasy howplar barada durup geçdi:

Birinjiden, bu biziň sebitimiziň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşykdyr. Biz olaryň nähili netijelere getirýändigini görýäris diýip, döwlet Baştutany belledi we munuň bizden jebisligi, bilelikde olara garşy durmakda aýgytlylygy talap edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurtda parahatçylygy saklamaga, raýatlaryň ömrüni we howpsuzlygyny goramaga, döwlet, jemgyýetçilik institutlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen öz wagtyndaky, aýgytly hereketleriniň Türkmenistan tarapyndan berk goldanylýandygy tassyklanyldy.

Ikinjiden, munuň özi ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygydyr. Terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we hukuga garşy işleriň beýleki görnüşleridir.

Üçünjiden, munuň özi biziň sebitimiziň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek ýaramaz täsiridir.

Dördünjiden, munuň özi maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagydyr, Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagydyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.


düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......