Daşkentde 27-nji halkara syýahatçylyk ýarmarkasy geçiriler

  • 21.07.2022 13:58
  • 5.6k+

Özbegistanyň Syýahatçylyk we medeni miras ministrligi Milli PR-merkezi bilen bilelikde şu ýylyň 30-njy noýabryndan 2-nji dekabry aralygynda 27-nji Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasyny geçirer. Bu barada ministrligiň metbugat gullugyna salgylanyp, centralasia.media habar berýär.

Bellenilişi ýaly, her ýyl ýarmarka programmasynyň çäklerinde konferensiýalar, B2B duşuşyklary, tegelek stollar, syýahatçylyk hyzmatlarynyň sergileri, Özbegistanyň sebitleriniň syýahatçylyk potensialynyň tanyşdyrylyşy, gastronomiki we beýleki çäreler geçirilýär.
2019-njy ýyldaky Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasynda 15 müňden gowrak gepleşik geçirilip, 9 müňden gowrak hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi. Bu ýarmarkanyň taryhynda 23 müňden gowrak myhman gatnaşan iň uly wakadyr.
Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasy “Ýüpek ýolundaky syýahatçylyk” 1995-nji ýyldan bäri BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň resmi goldawy bilen geçirilýär. Her ýyl sergi dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylyk biznesiniň hünärmenlerini ýygnaýar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......