Türkmenistan 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmagy teklip edýär

  • 15.07.2022 15:53
  • 10k+

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmak baradaky teklibi hödürleýär. Bu barada 14-nji iýulda geçirilen ýokary derejeli Daşkent duşuşygynda habar berip, Prezident Serdar Berdimuhamedow özbek tarapynyň degişli başlangyjy goldajakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň şol bir wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini-de nygtady. Türkmen tarapy bu teklibiň hem goňşy Özbegistan tarapyndan goldaw tapjakdygyna bil baglaýar.
Mälim bolşy ýaly, halkara syýasatda we ykdysadyýetde häzirki dowam edýän çökgünlik ýagdaýlarynda döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak hem-de parahatçylyk medeniýeti mowzugy ählumumy zerurlyga öwrülýär. Türkmenistan bilen Özbegistan bolsa birek-birek bilen gatnaşyklarynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine eýermekde görelde görkezip, häzirki wagtda halkara giňişlikde şu ideýalary işjeň ilerletmäge çalyşýarlar.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......