Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

  • 15.07.2022 15:58
  • 6.3k+

Şu gün — 15-nji iýulda Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň geljegi barada pikir alyşmaga oňat mümkinçilikdigini belläp, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribeleri paýlaşmagyň, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky ýygjam, başlangyçly özara hereketler iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda soňky ýyllarda döwletleriň parlamentleriniň palatalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde durnukly parlamentara dialogyň ýola goýlandygy, hünärmenler derejesinde aragatnaşygyň mehanizmleriniň herekete getirilendigi, yzygiderli esasda wekiliýetleriň alyşmalarynyň guralýandygy aýratyn bellenildi.
Türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklarynyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge mynasyp goşant goşýandygyna kanagatlanma bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň wekilleriniň parlament meýdançalarynda medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmek, zenanlardyr ýaşlaryň arasynda özara hereketleri ýola goýmak babatda bilelikdäki başlangyçlar bilen çykyş edip biljekdiklerine ynam bildirdi.
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşykdan soňra, döwlet Baştutany Daşkendiň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinden Samarkant şäherine ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmany şäheriň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görer.


şu gün 16:30
428

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
620

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......