Türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri boýunça 19 ylalaşyk baglaşyldy

  • 15.07.2022 09:08
  • 21k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda iki ýurduň wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Jemi 19 resminama gol çekildi.

  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda «Maryazot» önümçilik birleşiginde (Türkmenistan) abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda strategik arkalaşygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hakynda Ylalaşyk;

  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama hem-de geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri baradaky deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri;
  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk;
  • Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Узбекистон темир йуллари» paýdarlar birleşiginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Maksatnama we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyk;

​​​​​​​

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa halkara institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy);

​​​​​​​​​​​​​​

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Tokaý hojalygy boýunça döwlet komitetiniň arasynda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew şeýle hem Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......