Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistana bardy

  • 14.07.2022 17:22
  • 27k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça iki günlük döwlet sapary bilen Daşkende bardy. Bu barada Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň saýtynda habar berilýär.

Daşkendiň halkara howa menzilinde türkmen Liderini Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow, daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Wladimir Norow we Daşkent şäheriniň häkimi Jahongir Artykhojaýew garşy aldy.
Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni «Ýangi Uzbekiston» seýilgähine bardy, ol ýerde Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy.
Şu gün şeýle hem ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......