Serdar Berdimuhamedow “Sanly çözgüt — 2022” innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge ygtyýar berdi

  • 14.07.2022 12:27
  • 17k+

13-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýada, 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, “Sanly çözgüt — 2022” bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. Ony saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ugurlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine ünsi çekip, “Sanly çözgüt — 2022” innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.


düýn 23:49
1.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.1k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
6.1k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

28.05.2026 23:53
5.9k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....