Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistanda saparda bolar

  • 13.07.2022 18:24
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar diýip, özbek döwletiniň Baştutanynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Goňşy döwletiň Liderleri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşini we hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini maslahatlaşarlar diýlip, bildirişde aýdylýar. Gepleşikleriň barşynda Bilelikdäki Beýanyň kabul edilmegi we ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmeklik meýilleşdirilýär.
Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, ulag-üstaşyr mümkinçilikleri herekete girizmek, suw hojalyk ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, meseni-ynsanperwer alyş-çalyş — gepleşikleriň esasy meselesi bolar.
Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistanyň Parlamentinde (Oliý Majlis) duşuşygy hem-de Samarkand şäheriniň ýadygärliklerine baryp görmegi meýilleşdirilýär


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......