Aurus Merlon elektromotosikliniň tapgyrlaýyn önümçiligi 2024-nji ýylda başlanar

  • 06.07.2022 12:44
  • 14k+

2024-nji ýylda Aurus Merlon elektromotosikliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlanar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň ýolbaşçysy Denis Manturow "Innoprom" halkara senagat sergisinde resmi däl gürrüňdeşlikde žurnalistlere habar berdi. 

Ýolbaşçy degişli soraga: «2024-nji ýylda» — diýip jogap berdi.
Ministriň sözlerinden çen tutsaň, ol eýýäm elektromotosiklde aýlanyp görüpdir we täze ulaga oňyn baha berýär.
Ministrligiň resmi Telegram-kanalynda motosikliň adynyň tötänden saýlanmandygy bellenýär. «Merlon - bu Kremliň diwarynyň kertigi, motosikl bolsa resmi wekiliýetleri ugratmak üçin döredilýär" - diýip, ol ýerde aýdylýar.
Aurusyň modelleri Moskwa Kremliniň Senat, Komendant we Arsenal diňleriniň hormatyna atlandyrylandyr: limuzin bilen sedan Senat adyny aldylar, wnedorožnige - Komendant, miniwene bolsa Arsenal ady dakyldy.

Öň, TmCars.info Türkmenistanyň ilkinji Aurus Senat Limousine ulagyny satyn alandygyny habar beripdi. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......