Türkmenistan ilkinji Aurus Senat Limousine ulagyny satyn aldy

Türkmenistan ilkinji Aurus Senat Limousine ulagyny satyn aldy

Türkmenistan ilkinji Aurus awtoulagyny satyn aldy. Bu ulagy anna güni Russiýa ilkinji resmi sapary wagtynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ulandy. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

"Türkmenistan özüniň ilkinji Aurus Senat Limousine awtoulagyny satyn aldy, Hut şu awtoulagda Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparynyň barşynda hereket etdi. Awtoulagyň bu görnüşi dünýäde iň ýokary ballistiki gorag ulgamyna eýe bolup, iň howpsuz ulag serişdesi bolup durýar» - diýip çeşme belleýär.

Aurus awtoulaglary 2013-nji ýyldan bäri RF-niň senagat we söwda ministrliginiň sargydy boýunça öndürilip gelinýär.
Häzirki wagtda Aurus Senat ulagynda RF-niň Prezidenti, şeýle hem Hökümet agzalary hereket edýär.
Adatça ýokary wezipeli daşary ýurt myhmanlarynyň Russiýa sapary wagtynda, olar Federal gorag gullugynyň Aýratyn maksatly garažynyň berýän awtoulagyndan peýdalanýarlar.