Türkmenistan ilkinji Aurus Senat Limousine ulagyny satyn aldy

  • 12.06.2022 16:09
  • 52167
Türkmenistan ilkinji Aurus Senat Limousine ulagyny satyn aldy

Türkmenistan ilkinji Aurus awtoulagyny satyn aldy. Bu ulagy anna güni Russiýa ilkinji resmi sapary wagtynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ulandy. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

"Türkmenistan özüniň ilkinji Aurus Senat Limousine awtoulagyny satyn aldy, Hut şu awtoulagda Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparynyň barşynda hereket etdi. Awtoulagyň bu görnüşi dünýäde iň ýokary ballistiki gorag ulgamyna eýe bolup, iň howpsuz ulag serişdesi bolup durýar» - diýip çeşme belleýär.

Aurus awtoulaglary 2013-nji ýyldan bäri RF-niň senagat we söwda ministrliginiň sargydy boýunça öndürilip gelinýär.
Häzirki wagtda Aurus Senat ulagynda RF-niň Prezidenti, şeýle hem Hökümet agzalary hereket edýär.
Adatça ýokary wezipeli daşary ýurt myhmanlarynyň Russiýa sapary wagtynda, olar Federal gorag gullugynyň Aýratyn maksatly garažynyň berýän awtoulagyndan peýdalanýarlar.


28.05.2024 13:40
8266

Innopolisde sürüjisiz elektrobus işe girizildi, ýöne ol sagatda 10 km tizlik bilen hereket edýär

Tatarystan Respublikasynyň Innopolis şäherinde sürüjisiz elektrobus synagdan geçirilip başlandy. Ol Innopolis uniwersiteti bilen Innoparkyň aralygynda 3 km ýol boýunça hereket edip, Popowa adyndaky tehnopark duralgasynda...

22.08.2023 08:13
9758

«Atom» elektrik ulaglarynda tanyşlyk üçin ykjam goşundy peýda bolup biler

«Atom» kysymly rus elektrik awtoulaglarynyň maglumat-dynç alyş ulgamy başga işläp düzüjileriň ykjam goşundylaryny, şol sanda tanyşlyk boýunça goşundylary goldap biler diýip, gazeta.ru habar berýär. Elektrikli awtoulaglar...

25.07.2023 13:39
17406

Russiýada ýerli sport awtoulagy üçin patent alyndy

Russiýaly awtosürüji Roman Rusinow hususy sportkarynyň dizaýny üçin patent aldy. Awtoulagyň senagat maksatly nusgasynyň şekilleri Federal senagat eýeçiligi institutynyň binýadynda çap edildi. Rusinow patentiň eýesi...

27.01.2023 21:05
22405

Russiýanyň ilkinji «Atom» elektromobili aprel-maý aýlarynda görkeziler

«Atom» brendiniň baş direktory Igor Powarazdnýuk TASS agentligine beren interwýusynda rus elektromobiliniň prototipiniň şu ýylyň aprel ýa-da maý aýynda görkeziljekdigini aýtdy. «Ulagyň prototipini ýazda — aprel...