«Atom» elektrik ulaglarynda tanyşlyk üçin ykjam goşundy peýda bolup biler

  • 22.08.2023 08:13
  • 10k+

«Atom» kysymly rus elektrik awtoulaglarynyň maglumat-dynç alyş ulgamy başga işläp düzüjileriň ykjam goşundylaryny, şol sanda tanyşlyk boýunça goşundylary goldap biler diýip, gazeta.ru habar berýär.

Elektrikli awtoulaglar «Atom OS» operasion ulgamy bilen üpjün ediler, ol awtoulagdaky sürüjilik bilen baglanyşykly ähli dolandyryş ulgamlaryna (mysal üçin, maňlaý aýnasynyň aşagyndaky proýeksiýa ekranynyň we sürüjä kömek ulgamlarynyň işine) jogap berer.

«Biz size awtoulaglar barada spidometriň dizaýnyndan başlap, tanyşlyk boýunça ykjam goşundylary işe girizmäge çenli öz garaýyşlaryňyzy durmuşa geçirmek üçin gurallary berýäris. Şeýlelik bilen, elektrik ulaglary üçin ulgamlaryň we programmalaryň özgermegine goşant goşýarys, programma üpjünçiliginiň çözgütlerini ornaşdyrmagy we ösdürmegi çaltlaşdyrýarys» diýip, kompaniýanyň wekilleri belleýärler.

Iýul aýynda «Atom» rus elektrik ulaglary üçin sargytlary kabul edip başlady, awtoulaglaryň önümçiligine 2025-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Elektrik awtoulagy 0-dan 100 km-e 8 sekuntda çykmaga ukyply hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Akkumulýatoryň iň ýokary kuwwaty 77 kWt, ýol ätiýaçlygy bolsa 500 km bolar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......