BYD 3000 at güýjünden hem gowrak kuwwaty bolan elektrik giperkaryny döretdi

  • 14.08.2025 13:26
  • 3.1k+

BYD Hytaýda umumy kuwwaty 3019 at güýji bolan Yangwang U9 Track Edition elektrik giperkaryny hasaba aldy. Model baradaky jikme-jik maglumatlar we suratlar hytaý düzgünleşdirijisiniň katalogynda peýda boldy.

Track Edition wersiýasy kuwwaty 960 kWt-dan 2220 kWt-a çenli güýçlendirilen Yangwang U9 sport awtoulagynyň binvadynda döredildi. Dört tekeriň hersi aýratyn 555 kWt-lyk elektrik hereketlendirijisi bilen herekete gelýär. Iň ýokary tizlik sagatda 350 km bilen çäklenýär. Kuwwaty artdyrmagyň esasy maksady tizlenme dinamikasyny gowulandyrmak bolup biler. Görnüşine görä, BYD Xiaomi-iň sport ýollaryndaky gazananlaryny yzda galdyryp, öz modeline «iň çalt elektrik awtoulagy» diýilmegini maksat edinýär. Şol bir wagtyň özünde, Yangwang U9-nyň adaty wersiýasy sagatda 392 km tizlige ýetipdi, şonuň üçin has güýçli wersiýasy öňki nusganyň netijesini artdyrmaly.
Agramy azaltmak üçin awtoulag uglerod süýümli üçegi, stasionar antiganady we giňeldilen aerodinamiki obwesi aldy. Goşmaça töleg bilen antiganady elektrikli ykjam görnüşine çalşyp bolýar. Awtoulagyň ulanmaga doly taýýar ýagdaýdaky agramy — 2480 kg, doly agramy — 2630 kg.
Model 80 kWt·s LFP batareýa bilen enjamlaşdyrylan, tygşytly režimde ýöreýiş ätiýaçlygy CLTC sikline görä 450 km. 500 kWt-a çenli kuwwatly çalt zarýad bermegi goldaýar, bu bolsa 10 minutda zarýady 30%-den 80%-e çenli doldurmaga mümkinçilik berýär. «Trek» wersiýasy her teker üçin garaşsyz dolandyryş ulgamly asma ulgamyny saklady.
Bazara çykjak wagty we bahasy entek belli däl. Adaty Yangwang U9 Hytaýda 231 müň dollara satylýar, bu bolsa meňzeş Lotus we Rimac giperkarlaryň bahasyndan ep-esli arzan.


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......