Elektromobiller üçin täze batareýa adatdakydan has uzak hyzmat edip biler

  • 17.08.2025 23:39
  • 2.5k+

CATL kompaniýasy özüniň rekord derejede uzak hyzmat etjek täze Naxtra natriý batareýasynyň aýratynlyklaryny tassyklady. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, nazaryýetde ol 10 000 zarýad sikline çydamly bolup, sygymyň azyndan 85%-ini saklaýar. Bu ulagyň, takmynan, 5,8 mln km ýol geçmegine deň bolup, ol 600-800 müň km üçin niýetlenen häzirki LFP batareýalaryndan ýedi esse köpdür diýip, Undecided neşiri ýazýar.

Ortaça sürüji ýylda 10-30 müň km geçýär, şonuň üçin Naxtra batareýalary adaty akkumulýatorlardan has köp wagt hyzmat eder.
Täze tehnologiýanyň ýene bir artykmaçlygy onuň arzanlygydyr: çen-takmyn baha kWt/sag üçin 10 ýewro barabar. Şeýlelikde, 70 kWt/sag batareýanyň bahasy, takmynan, 700 ýewro bolar. Şular ýaly litiý batareýasy 7000 ýewro düşýär.
Mundan başga-da, Naxtra -40-dan +70°C-a çenli temperatura çydamly bolup, gyşyň has ýowuz şertlerinde-de sygymyň 90%-ini saklaýar.
Batareýanyň yzygiderli önümçiligine şu ýyl başlamak meýilleşdirilýär. Geely, Chery, GAC, Voyah we beýleki brendlerden 30-dan gowrak model Freevoy ady bilen bu akkumulýatorlara eýe bolar. Tehnologiýa hem ýeňil awtomobillerde, hem täjirçilik ulaglarynda ulanylar.
Eger Naxtra-nyň görkezijileri iş ýüzünde tassyklansa, elektromobiller batareýany çalyşmazdan has uzak wagt ulanylyp bilner. CATL munuň pudakdaky düzgünleri doly üýtgedip biljekdigini aýdýar. Kompaniýa öwrülişigi wada berýär. 


düýn 18:36
3.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.5k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......