Innopolisde sürüjisiz elektrobus işe girizildi, ýöne ol sagatda 10 km tizlik bilen hereket edýär

  • 28.05.2024 13:40
  • 8374
Innopolisde sürüjisiz elektrobus işe girizildi, ýöne ol sagatda 10 km tizlik bilen hereket edýär

Tatarystan Respublikasynyň Innopolis şäherinde sürüjisiz elektrobus synagdan geçirilip başlandy. Ol Innopolis uniwersiteti bilen Innoparkyň aralygynda 3 km ýol boýunça hereket edip, Popowa adyndaky tehnopark duralgasynda säginer. Elektrobus uniwersitetiň işgärlerini we talyplaryny gatnadar diýip, TASS habar berýär.

Elektrobus 10 adamy sygdyrýar. Howpsuzlyk maksady bilen hereketiň iň ýokary tizligi sagatda 10 km bilen çäklendirildi. Kabinada ýollardaky ýagdaýa gözegçilik edýän operator bolýar.
Elektrobus howpsuz hereketi üpjün etmek üçin lidar, ultrases datçikleri, radar we kameralar ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Synaglaryň maksady dürli howa şertlerinde hiç hili hadysa duçar bolmazdan sürüjisiz režimde 500 km ýol geçmekdir.
Geljekde nawigasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sürüjisiz ulaglara gözegçilik etmek üçin dispetçer sistemasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.


10.07.2024 14:49
10719

Türkmenistanly sürüjiler ralli boýunça Russiýanyň çempionatynda üçünji orny eýelediler

Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde 5 — 8-nji iýul aralygynda awtosportuň bu görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi. Bu ýerde...

22.08.2023 08:13
9800

«Atom» elektrik ulaglarynda tanyşlyk üçin ykjam goşundy peýda bolup biler

«Atom» kysymly rus elektrik awtoulaglarynyň maglumat-dynç alyş ulgamy başga işläp düzüjileriň ykjam goşundylaryny, şol sanda tanyşlyk boýunça goşundylary goldap biler diýip, gazeta.ru habar berýär. Elektrikli awtoulaglar...

25.07.2023 13:39
17480

Russiýada ýerli sport awtoulagy üçin patent alyndy

Russiýaly awtosürüji Roman Rusinow hususy sportkarynyň dizaýny üçin patent aldy. Awtoulagyň senagat maksatly nusgasynyň şekilleri Federal senagat eýeçiligi institutynyň binýadynda çap edildi. Rusinow patentiň eýesi...

27.01.2023 21:05
22425

Russiýanyň ilkinji «Atom» elektromobili aprel-maý aýlarynda görkeziler

«Atom» brendiniň baş direktory Igor Powarazdnýuk TASS agentligine beren interwýusynda rus elektromobiliniň prototipiniň şu ýylyň aprel ýa-da maý aýynda görkeziljekdigini aýtdy. «Ulagyň prototipini ýazda — aprel...