Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň birinji ýarymyndaky işiniň netijelerine garaldy

  • 06.07.2022 01:19
  • 15k+

5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda  ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany şu ýylyň birinji ýarymynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatlary diňledi. Onda  “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararlaryň taslamalary, ýurdumyzyň adalat ulgamynyň hem-de migrasiýa ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamasy hakynda hasabatlar berildi.

“Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtap, döwletimiziň geljekde-de bu ugurda ähli zerur çäreleri görjekdigini aýtdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......