BYD Tesla-dan öňe geçip, elektrokar satuwy boýunça dünýä lideri boldy

  • 05.07.2022 09:12
  • 7.2k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy şu ýylyň ilkinji alty aýynda 641 müňden gowrak elektromobil satdy. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 315% köpdür. Bu barada Hytaýyň HBS-ine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Şeýlelik bilen, hytaý konserni ýarym ýylda 564 müň elektromobil satan Tesla amerikan kompaniýasyndan öňe geçip, elektromobil satuwy boýunça dünýä lideri boldy.
BYD mart aýyndan kompaniýanyň benzin hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini bes edendigini habar berdi. Konserniň habarynda geljekde awtomobil biznesiniň elektrik energiýasynda işleýän elektromobillere we gibrid elektromobillere gönükdiriljekdigi bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, BYD eýýäm benzin hereketlendirijili awtomobillere eýe bolan müşderilere kämilleşdirilen hyzmaty we satuwdan soňky kepilligi hödürlemegi, şeýle-de ätiýaçlyk şaýlaryny ibermegi dowam etdirer.
Häzirki wagtda BYD Hytaýdan başga-da, öz awtoulaglaryny Norwegiýada we Günorta Amerikanyň käbir ýurtlarynda satýar. Konserniň kärhanalarynda hem awtomobilleriň, hem akkumulýatorlar we mikroçipler ýaly bölekleriň önümçiligi alnyp barylýar. Şeýlelik bilen, BYD beýleki üpjün edijilere garaşly bolmaýar.
Hytaýlylar ýakyn wagtda toplumy düzüjileri beýleki awtoöndürijilere ibermegi meýilleşdirýärler. Mysal üçin, BYD elektrokarlar üçin akkumulýatorlary Tesla kompaniýasyna ibermekçi bolýar. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......