Güne nädip dogry ýanmaly?

  • 02.07.2022 12:05
  • 14k+

Gün ýanygy melanomanyň güýçlenmek howpunyň esasy faktorlarynyň biridir, ol deriniň wagtyndan öň garramagyna we pigment tegmillerine sebäp bolup bilýär. Bu barada “Izwestiýa” gazetine lukman-terapewt, “Inwitro-Priwolžýeniň” baş lukmany Tatýana Neumolotowa gürrüň berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

“Gün ýanygy melanomanyň güýçlenmek howpunyň esasy faktorydyr we eger ömrüňde bäş güýçli ýanyk bolan bolsa, ol 50% ýokarlanýar” – diýip, terapewt aýtdy we deriniň gyzarmagynyň hem ýanyk hasaplanýandygyny belledi. 

Hünärmen ýeterlik derejede gorag bolmasa, tomusda Gün şöhleleriniň “deriniň iň çuň epidermasyna” zyýan ýetirmäge ukyplydygyny belledi.  

“Hut şolar kollagen süýümlerine zyýan ýetirýär, wagtyndan öň garrama we pigment tegmilleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar” – diýip, Neumolotowa sözüniň üstüni ýetirdi.

Gün şöhlelerinden ýokary derejede peýda almak üçin ol ýokary SPF derejeli Günden goraýjy kremleri ulanyp, 7:00-dan 10:00-a ýa-da 17:00-dan 19:00-a çenli ýanmagy maslahat berdi. Şol bir wagtyň özünde, ilkinji günlerde Günüň aşagynda 5-10 minut bolup, bu aralygy her gün 10 minut köpeldip, bir sagada ýetirmeli.

“Derisi açyk reňkli, dogabitdi tegmilli we meňleri köp bolan adamlara Günüň aşagynda uzak wagtlap bolmak maslahat berilmeýär, şeýle-de göwrelilik döwründe-de Güne ýanmak maslahat berilmeýär” – diýip, terapewt onkologiýa we ýokanç keselleri bolan ýa-da bedeniniň temperaturasy ýokary adamlara-da Güne ýanmagyň zyýanlydygyny belledi. 


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......