Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaş ýubileýi bilen gutlady

  • 29.06.2022 17:02
  • 27k+

29-njy iýunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Prezident Wladimir Putin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, taraplaryň özara tagallalary netijesinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýyldan-ýyla täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigini belledi. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar bilen bir hatarda parlamentara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürilýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Parlamentara forumy kanunçykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmakda anyk ädim boldy.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....