Serdar Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy

  • 29.06.2022 16:53
  • 7.9k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Gaz we ektroenergetika ulgamlary, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy, syýahatçylyk we beýleki pudaklar döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmakda Hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýetine üns çekildi.
Iki goňşy döwletiň Baştutanlary netijeli ynsanperwer gatnaşyklaryny höweslendirmegiň wajypdygyny nygtap, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak tejribesini dowam etdirmegiň tarapynda çykyş etdiler.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......