Eýranyň Prezidenti Raisi Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

  • 29.06.2022 15:50
  • 10k+

Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Eýranyň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglygyny, uzak ömür we abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Belent mertebeli myhman Eýranyň Beýik Ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirip, EYR-nyň Türkmenistan bilen ýakynlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler dürli derejede geçirilýän duşuşyklarda we Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna ýaňy-ýakynda bolan resmi saparynyň dowamynda gazanylanlary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykarmak üçin häzirki döwürde giň mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......