Gurluşyk meseleleri boýunça türkmen-wýetnam iş toparyny döretmek teklip edilýär

  • 29.06.2022 05:42
  • 6k+

28-nji iýunda Hanoý şäherinde daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi.

"Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Taraplar iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwlet we hususy telekeçilikden maýa goýumlary çekmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler" diýip, TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Senagat, oba hojalygy, dokma, gurluşyk ýaly pudaklar we beýlekiler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde saýlanyp alyndy. Anyk ylalaşygy gazanmak boýunça iki döwletiň degişli pudak edaralarynyň arasyndaky hereketleri pugtalandyrmak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň, hususan-da, gurluşyk ugry boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek boýunça tekliplerine seredildi.


düýn 16:30
531

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......